CCC. Messiniň 900-nji goly hem kömek etmedi

KONKAKAF Çempionlar kubogynyň 1/8 finalyndaky jogap duşuşygynda «Inter Maýami» topary öz meýdançasynda «Neşwill» topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnady we ýaryşy terk etdi. Duşuşyk Fort-Loderdeýldäki "DRV PNK Stadium" stadionynda geçirildi.

Duşuşykda hasaby «Inter Mayaminiň» hüjümçisi Lionel Messi açdy. Bu gol argentinaly ýyldyz üçin aýratyn ähmiýetli boldy — ol professional karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi. Messi bu sepgide bary-ýogy 1142 oýunda ýetdi we bu görkeziji dünýä futbolynda rekordlaryň biridir.

Messi bu gollaryň 672 sanysyny «Barselonada», 32 sanysyny «PSŽ»-de, 81 sanysyny «Inter Maýamide» we 115 sanysyny Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçirdi.

Şeýle-de, Messi bu netijä 38 ýaş 268 gününde ýetdi. Deňeşdirmek üçin, Kriştianu Ronaldu 900 gol derejesine 1236 oýunda, 39 ýaş 213 gününde ýetipdi.

Emma Messiniň taryhy goly «Inter Maýama» üstünlik getirmedi. «Neşwill» Kriştian Espinozanyň goly bilen hasaby deňledi. Ilkinji duşuşykda 0:0 hasabynda deňlik bolansoň, myhmançylykdaky gol düzgünine laýyklykda indiki tapgyra «Neşwill» çykdy.

Şeýlelikde, iki duşuşykda hem deňlik gazanylandygyna garamazdan, «Inter Maýami» ýaryşy ir terk etdi. Häzirki wagtda ýaryşyň soňky ýeňijisi hökmünde «Krus Asul» topary görkezilýär, olar öňki finalda «Wankuwer Waýtkaps» toparyndan üstün çykypdy.