UCL. Jogap duşuşyklaryň soňky güni

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyndaky jogap duşuşyklarynyň soňky duşuşyklary geçiriler. Bu tapgyrda birnäçe gyzykly garşylaşyklar meýilleşdirildi.

Ilkinji duşuşykda «Barselona» topary öz meýdançasynda «Nýukasl» toparyny kabul eder. Bir hepde öň geçirilen ilkinji oýun 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlandy, şonuň üçin ähli zat Barselonada çözüler. Bu duşuşyk 18-nji martda Aşgabat wagty bilen sagat 22:45-de başlanar.

19-njy marta geçilýän gije bolsa beýleki oýunlar geçiriler. «Bawariýa» topary öz meýdançasynda «Atalanta» topary bilen duşuşar. Ilkinji oýunda nemes kluby 6:1 hasabynda uly ýeňiş gazanyp, çärýek finala çykmaga örän ýakynlaşdy. Indi italýan toparynyň esasy maksady aratapawudy azaltmak bolar.

Şol gije «Liwerpul» topary "Enfild" stadionynda «Galatasaraý» toparyny kabul eder. Iňlis kluby ilkinji oýunda 0:1 hasabynda utulypdy we indi minimal hasagbyň öwezini dolmaga synanyşar. Bu möwsümde «Liwerpul» topary türk garşydaşyndan şol bir hasap bilen eýýäm iki gezek utuldy.

Şeýle-de «Tottenhem» topary öz meýdançasynda «Atletiko» topary bilen duşuşar. Ilkinji oýunda madridliler 5:2 hasabynda ynamly ýeňiş gazanypdy. Bu netijä görä, Diego Simeoneniň ýolbaşçylygyndaky topar çärýek finala çykmaga has ýakyn görünýär.

Bu üç duşuşygyň ählisi 19-njy marta geçilýän gije Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar.