La Liga. "Barselona" "Kamp Nou" stadionyndan wagtlaýyn ýene göçer

«Barselona» toparynyň öz meýdançasy bolan "Kamp Nou" stadionyna dolanmagy uzak wagtlap dowam eden rekonstruksiýa sebäpli kyn proses boldy. 2025-nji ýylyň güýzünde topar ahyry öz stadionyna dolanyp geldi, emma bu diňe wagtlaýyndygy belli boldy.

«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta täze ýapylýan üçegiň gurulmagy sebäpli stadionda oýun geçirmek mümkin bolmajakdygyny aýtdy. Bu işler takmynan bir ýarym ýyl dowam eder we şol döwürde topar başga meýdançada çykyş etmeli bolar.

Laportanyň sözlerine görä, topar bu gezek "Monžuik" stadionyna däl-de, özüne degişli bolan "Ýohan Kroýf" stadionynda oýnar. Şeýle-de bu stadiony 10 müň orunlyk giňeltmek meýilleşdirilýär.

Ol bu barada "RAC1" neşirine beren beýanatynda aýtdy. Şeýle hem prezident täze, doly taýýar stadionyň klub üçin uly girdeji getirjekdigini belläp geçdi — häzirki 125 million ýewro derejede bolan girdeji geljekde 450 million ýewra çenli artar diýlip garaşylýar.

Şeýlelikde, «Barselona» 2027-nji ýylyň tomsundan başlap, üçegiň gurulýan döwründe gysga wagtlaýyn başga stadionda oýnamaga mejbur bolar.