UCL. Yzyna dolanmak seýrek, emma "Siti" üçin howply statistika

Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda ilkinji duşuşykda ýeňilen toparlaryň yzyna dolanyp, indiki tapgyra geçmegi soňky 10 möwsümde 24 gezek gaýtalandy.

Şeýle-de bolsa, 3 ýa-da ondan köp gol tapawudy bilen ýeňlişden soň yzyna dolanmak diňe üç gezek başartdy. Muny «Barselona», «Roma» we «Liwerpul» toparlary amala aşyrdy.

Gyzykly tarapy, «Mançester Siti» hem iki gezek şeýle yzyna dolanmagyň pidasy boldy. 2017-nji ýylda «Monako» topary, 2022-nji ýylda bolsa «Real» topary «Sitini» ýaryşdan çykardy.

«Real» bolsa ilkinji duşuşykda ýeňiş gazanyp, soňra diňe bir gezek — 2019-njy ýylda «Aýaks» toparyndan ýeňlip, ýaryşdan çykypdy.

Bu statistika «Mançester Siti» üçin oňyn däl, sebäbi topar jogap duşuşygynda kyn wezipäniň öňünde dur.