Karlo Ançelotti Neýmary Braziliýanyň düzümine çagyrmady
Braziliýanyň milli toparynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti mart aýyndaky duşuşyklar üçin düzümi yglan etdi, emma Neýmar bu sanawda ýer almady.
"Seleçao" mart aýynyň ahyrynda Fransiýa we Horwatiýa bilen ABŞ-da geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklaryna taýýarlandy, ýöne «Santos» toparynda çykyş edýän hüjümçi çagyrylmady.
Baş tälimçi bu kararyny futbolçynyň häzirki fiziki ýagdaýy bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda milli topara iň gowy formada bolan oýunçylar saýlanyp alyndy.
Neýmar bolsa bu çözgüdi agyr kabul edendigini gizlemedi: "Bu meni gynandyrdy, ýöne men işimi dowam etdirýärin. Her gün türgenleşýärin we öz derejämi ýokarlandyrmaga çalyşýaryn. Maksadym üýtgemedi, men hökman gaýdyp geljekdigime ynanýaryn."
Ançelotti hem futbolçynyň milli topara dolanmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Tälimçi onuň Dünýä çempionatyna gatnaşyp biljekdigini, ýöne munuň üçin doly taýýarlyk derejesine ýetmelidigini nygtady.

Braziliýanyň milli topary 26-njy martda Fransiýa, 1-nji aprelde bolsa Horwatiýa bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


