Soboslaý jerime urgulary boýunça öňdebaryjylaryň arasynda

Soňky ýyllarda jerime urgularyndan iň köp gol geçiren futbolçylaryň arasynda Dominik Soboslaý hem öňdäki orunlarda ýerleşýär.

Soňky bäş möwsümde Ýewropanyň iň güýçli bäş çempionatynda hem-de Çempionlar ligasynda Soboslaý jemi 7 goly jerime urgusyndan geçirdi. Şeýlelikde ol bu görkeziji boýunça iň gowy netijä eýe bolan futbolçylaryň arasynda ikinji ýerde durýar. Şeýle hem ol üç dürli ýaryşda jerime urgusyndan gol geçiren ýeke-täk futbolçy boldy.

Bu sanawda ondan öňde diňe Aleks Grimaldo ýerleşýär. Ol şol döwürde jerime urgularyndan 8 gol geçirdi. Şeýle hem Jeýms Uord-Prouz hem 7 gol bilen Soboslaý bilen deň netijä eýe boldy.

Bu görkeziji boýunça ýene iki futbolçy aýratyn üns çekýär. «Ýuwentus» toparynyň hüjümçisi Duşan Wlahowiç 5 gol geçirdi. «Leýpsig» toparyndan 2023-nji ýylda gidenden soň tapawutlanmadyk Kristofer Nkunku bolsa jerime urgularyndan 4 gol geçirdi.