Eden Azar 32 ýaşynda karýerasyny tamamlady

10.10.2023ý.

"Özüňizi diňlemeli we gerek wagty dur diýmeli. 16 ýyl we 700 -den gowrak oýun oýnalandan soň, men professional futbol karýeramy bes etmegi makul bildim" – diýdi.

Eden professional karýerasyna 2007-nji ýylda «Lillde​» başlady we 2012-nji ýylda «Çelsa​» geçdi. Onuň iň soňky topary «Real Madrid​» bolup, 2019-njy ýyldan 2023-nji ýyl aralykda oýnady. Ol milli ýygyndyda we toparlarda, ähli ýaryşlarda 749 oýun oýnap, 200 gol we 193 asist berdi.

Eden Azar karýerasynda 15 kubok gazandy. Olardan esasy kuboklar: iki gezek Angliýanyň we Ispaniýanyň çempiony boldy, bir gezek bolsa Çempionlar ligasynda we iki gezek Ýewropa ligasynda hem ýeňiji boldy.

Gapdal hüjümçi, Belgiýanyň milli ýygyndysynda 126 oýun oýnady we 2018-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy.