"Tottenhem" 49 ýyldan soň aşaky liga düşüp biler
Angliýanyň çempionatynda «Tottenhem» topary çynlakaý howp bilen ýüzbe-ýüz boldy. Häzirki ýagdaý dowam etse, London topary 1977-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýokary ligadan aşaky liga düşüp biler.
Soňky gezek «Tottenhem» 49 ýyl ozal ýokary ligany terk edipdi. Şonda topar diňe bir möwsümden soň ýene-de ýokary liga dolanyp gelipdi.
Ýewropanyň beýleki iri toparlarynyň arasynda hem şeýle ýagdaýlar bolup geçipdi. Mysal üçin, «Liwerpul» 1954-nji ýyldan 1962-nji ýyla çenli sekiz möwsüm aşaky ligada çykyş etdi. Bu görkeziji iri toparlaryň arasynda iň uzyn döwür hasaplanýar.
Eger düzgün bozulmalary sebäpli aşaky liga düşürilen «Ýuwentusy» hasaba almasaň, onda XXI asyrda iri toparlaryň arasynda ýokary ligadan düşen ýeke-täk topar «Mançester Siti» boldy. Bu ýagdaý 2001-nji ýylda bolup geçdi, şol döwürde toparyň häzirki derejesi ýokdy.

Şeýle hem birnäçe iri klub ýokary ligadan hiç wagt düşmändir. Olaryň arasynda «Barselona», «Real», «Inter», «Bawariýa» hem-de «PSŽ» toparlary bar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


