Finalissima duşuşygy geçirilmez
Futbol boýunça Ispaniýa bilen Argentina milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilen Finalissima duşuşygy ýatyryldy. Şeýle karar "UEFA" hem-de "CONMEBOL" guramalary tarapyndan bilelikde kabul edildi.
27-nji martda Katar döwletinde geçirilmeli bolan oýun Ýakyn Gündogarda dowam edýän dartgynly ýagdaý sebäpli geçirilmez. Bu barada Ýewropanyň futbol guramasynyň resmi beýanynda habar berildi.
Habarda "Argentina bilen başga senäni kesgitlemek barada ylalaşyk gazanyp bolmady" diýlip bellenilýär.
Bu duşuşyk ýylyň iň garaşylýan oýunlarynyň biri bolmaly diýlip hasaplanypdy. Sebäbi şol oýunda Argentina ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi bilen Ispaniýanyň ýaş lideri Lamin Ýamal ilkinji gezek bir meýdançada duşuşyp biljekdiler.
Finalissima Ýewropanyň hem-de Günorta Amerikanyň çempionlarynyň arasynda geçirilýän ýörite duşuşykdyr. Bu ýaryşyň soňky oýny 2022-nji ýylda bolupdy we onda Argentina milli ýygyndysy Italiýa garşy 3:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


