APL. "Liwerpul" Alisson bilen şertnamasyny uzaltdy

Angliýanyň çempionatynda çykyş edýän «Liwerpul» topary esasy derwezeçisi Alisson Bekker bilen täze şertnama baglaşdy.

Meşhur žurnalist Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, braziliýaly derwezeçiniň «Liwerpul» bilen şertnamasy häzirki şertnamadaky ýörite mümkinçilik işledilip, 2027-nji ýylyň iýunyna çenli uzaldyldy.

Häzirki möwsümde 33 ýaşly derwezeçi «Liwerpulda» ähli ýaryşlarda 32 duşuşyga gatnaşdy. Şol oýunlarda ol 35 gol goýberdi.