Ronaldinýo baradaky dokumental film 16-njy aprelde görkeziler

"Netflix" kompaniýasy braziliýaly meşhur futbolçy Ronaldinýo baradaky täze dokumental filmiň çykjak senesini resmi taýdan mälim etdi.

Maglumata görä, 2005-nji ýylyň "Altyn top: baýragynyň eýesi we dünýä futbolynyň iň meşhur ýyldyzlarynyň biri bolan Ronaldinýo baradaky film 16-njy aprelde görkeziler.

Täze taslama futbolçynyň durmuş ýoluny, karýerasynyň iň ýatdan çykmajak pursatlaryny hem-de onuň futbol meýdançasyndaky özboluşly stilini açyp görkezmegi maksat edinýär. Ronaldinýonyň täsirli oýny we ýylgyryşy dünýäniň millionlarça janköýerleriniň futbola bolan söýgüsini artdyran pursatlar hökmünde ýatlanylýar.

Bu film "Netflix" platformasynyň sport baradaky ýokary hilli kontent döretmek strategiýasynyň bir bölegi bolar. Mundan öň platforma Dewid Bekhem we Pele baradaky dokumental filmler bilen hem uly üstünlik gazanypdy.