TFF-niň Kubogy: Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) 5-nji, “Nebitçi” 7-nji orunlary eýelediler

11-njy martda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň 5-nji hem-de 7-nji orunlary ugrundaky duşuşyklary geçirildi. 

5-nji orun ugrunda geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary bilen duşuşyp, esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlanan duşuşykda garşydaşyny oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularda 5:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 7-nji ornuň ykbaly “Nebitçi” bilen “Merw” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda kesgitlendi. Bu duşuşykda hüjümde netijeli çykyş eden Balkanabat şäheriniň “Nebitçisi” 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. 

Ýeri gelende bellesek, Kubok bäsleşiginiň aýgytlaýjy oýun güni 12-nji martda geçiriler. Şol gün geçiriljek final duşuşygynda “Şagadam” bilen “Arkadag” toparlary duşuşarlar. 3-nji orun ugrundaky duşuşykda bolsa “Ahal” bilen “Aşgabat” toparlary güýç synanyşarlar.

TFF-niň Kubogynyň duşuşyklarynyň paýtagtymyzdaky “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.

 

TFF-niň Kubogynda 5-nji orny eýelemek ugrunda geçirilen duşuşygyň netijesi:

 «Köpetdag» – U20 – 2:2 (11 m.j.u 3:5)

Gollar: 27 Arslan Saparow, 60 Orazgeldi Seýidow (“Köpetdag”) -69, 75 Weýisgeldi Orazdurdyýew (U20)

Duýduryş: 30 Ýunus Annasähedow, 48 Gurbanguly Garlyýew, 65 Hemra Klyçew, 77 Ylham Çaryýew (“Köpetdag”) – 23 Annamuhammet Rejepow, 77 Allamyrat Toýmyradow (U20)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.) 

Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: W.Boluýans (Türkmenabat ş.), U.Atamyradow (Änew ş.)

Ätiýaçdaky emin: D.Myradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: K.Seýdow (Aşgabat)

 

TFF-niň Kubogynda 7-nji orny eýelemek ugrunda geçirilen duşuşygyň netijesi:

«Nebitçi» – «Merw» – 3:1

Gollar: 49 Baýramgeldi Nurlyýew, 70 Hydyr Agöýliýew, 86 Alibek Abdyrahmanow (“Nebitçi”) – 77 Abdyresul Abdyýew (“Merw”)

Duýduryşlar: 32 Alibek Abdyrahmanow, 67 Arslangylyç Nazgylyjow (“Nebitçi”) – 63 Mukam Nazzyýew, 63 Myrat Aşyrow, 90+5 Sanjar Artykow (“Merw”)

Meýdandan çykarylan: 82 Salim Umarow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.) 

Duşuşygyň emini: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Isçanow (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: A.Hajypolatow (Balkanabat ş.)

Çeşme: TFF