Ligue 1. "Lionyň" "görünmeýän transferler" sebäpli bergisi artdy
Fransiýanyň «Lion» klubynyň maliýe ýagdaýy soňky döwürde has kynlaşdy. Munuň sebäbi 2024–2025-nji ýyllarda kagyz ýüzünde amala aşyrylan, ýöne doly ýerine ýetirilmedik birnäçe transfer bilen baglanyşykly.
Şol döwürde Braziliýanyň «Botafogo» klubyndan Týago Almada, Luis Enrike we Igor Žezus ýaly futbolçylaryň «Lion» toparyna geçendigi resmileşdirilipdi. Bu transferleriň umumy bahasy takmynan 120 million ýewro hökmünde görkezilipdi. Emma bu futbolçylaryň arasynda diňe Týago Almada «Lionyň» düzüminde çykyş etdi we ol hem diňe ýarym möwsüm kärende esasynda oýnady.

Şol döwürde iki kluby hem dolandyran ýolbaşçy Jon Tekstor bu transferleri maýa goýum kompaniýalaryndan karz almak üçin kepillik hökmünde peýdalandy. Şeýle ýol bilen klub takmynan 100 million ýewro möçberinde serişde çekmegi başardy. Emma futbolçylar resmi taýdan hasaba alynmady we olaryň doly hukuklary «Lion» klubyna degişli bolmady.
Häzirki wagtda bolsa maýa goýum kompaniýalary karz berlen serişdeleri yzyna talap edýär. Jon Tekstor iýun aýynda prezident wezipesinden gidendigine garamazdan, alnan karz klubyň üstünde galdy. Netijede «Lionyň» umumy bergisi 300 million ýewrodan 500 million ýewra çenli artdy.
Klubyň täze ýolbaşçylary häzirki wagtda çykdajylary we aýlyk gaznasyny azaltmak boýunça çäreleri görýär. Şeýle-de bolsa öň kabul edilen bu kararlar geljekde toparyň ýagdaýyna täsir etmegi mümkin.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


