UCL. 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklarynyň netijeleri
UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 final tapgyrynyň soňky oýun gününiň ilkinji duşuşyklary tamamlandy. Nobatdaky oýun gününde birnäçe gyzykly garşylyklar geçirildi we toparlar jogap duşuşyklarynyň öňüsyrasynda möhüm netijeleri gazandy.

«Baýer» – «Arsenal» duşuşygy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Lewerkuzenlileriň goluny Robert Andrih geçirdi. Londonly toparyň goluny bolsa Kaý Hawers öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Robert Andrih saýlandy.
Parižde geçirilen «PSŽ» – «Çelsi» duşuşygy ýer eýeleriniň 5:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Pariž toparynyň gollaryny Bredli Barkola, Usman Dembele, Witinýa hem-de iki gezek Hwiça Kwarasheliýa geçirdi. Londonly toparyň gollaryny Enso Fernandes we Malo Gusto geçirdi. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy Hwiça Kwarasheliýa boldy.
Norwegiýada geçirilen «Bude-Glimt» – «Sporting» duşuşygynda ýer eýeleri 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu oýunda gollary Sonnre Brustad-Fet, Ole Blomberg we Kasper Heg geçirdi. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy Sonnre Brustad-Fet diýlip yglan edildi.
Madridde geçirilen «Real Madrid» – «Mançester Siti» duşuşygynda ispan topary 3:0 hasabynda üstün çykdy. Oýunda ähli üç goly hem Federiko Walwerde geçirdi. Şeýle hem ol duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy.

1/8 finalyň jogap duşuşyklary 17–18-nji mart günleri geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


