UCL. "Tottenhem" iň köp ýeňilen topar

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Madridiň «Atletiko» topary Londonyň «Tottenhem» toparyny 5:2 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, ispan topary çärýek finala çykmak ugrunda möhüm artykmaçlyk gazandy.

Bu ýeňliş «Tottenhem» üçin ýene bir şowsuz netijä öwrüldi. "Transfermarkt" portalyň maglumatlaryna görä, topar geçen möwsümiň başyndan bäri ähli ýaryşlarda jemi 45-nji gezek ýeňildi. Bu görkeziji Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynyň klublarynyň arasynda iň ýokary hasaplanýar.

Şeýlelikde, londonlylar ýeňlişleriň sany boýunça hatda Angliýanyň «Wulwerhempton» toparyny (44 ýeňliş) hem-de Germaniýanyň «Haýdenhaým» toparyny (43 ýeňliş) hem yzda goýdy. Bu iki topar häzirki wagtda öz çempionatlarynda soňky orunlarda ýerleşýär.

«Tottenhem» indiki duşuşygyny 15-nji martda Angliýanyň premýer-ligasynda myhmançylykda «Liwerpul» toparyna garşy geçirer. «Atletiko» bilen jogap duşuşygy bolsa Londonda 19-njy marta geçilýän gije geçiriler.