TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary

10-njy martda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinal duşuşyklary geçiriler. 

“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen Kubok bäsleşiginiň ilkinji ýarymfinalynda “Şagadam” hem-de “Aşgabat” toparlary meýdana çykdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 1:0 hasabynda “Şagadam” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ikinji ýarymfinalda “Arkadag” topary “Ahaldan” 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde 12-nji martda geçiriljek final duşuşygynda “Şagadam” bilen “Arkadag” toparlary duşuşarlar. 3-nji orun ugrundaky duşuşykda bolsa “Ahal” bilen “Aşgabat” toparlary güýç synanyşarlar.

11-nji martda Kubok bäsleşiginde 5-6-njy hem-de 7-8-nji orunlar ugrundaky duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem ýatladýarys. 5-nji orun ugrunda “Köpetdag” bilen Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) meýdana çyksalar, 7-nji ornuň ykbaly “Nebitçi” bilen “Merw” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda kesgitlener.

 

TFF-niň Kubogynyň ýarymfinal duşuşyklaryň netijeleri:

 «Şagadam» – «Aşgabat» – 1:0

Gol: 32 Akmämmet Metdäýew (“Şagadam”)

Duýduryş: 45 Hydyrgeldi Atdjanow, 85 Gurbanguly Garaýew, 90+6 Batyr Gaýlyýew (“Şagadam”) – 43 Pirmyrat Sultanow, 58 Orazly Begnazarow, 80 Garly Garlyýew (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.) 

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.), U.Atamyradow (Änew ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat)

 

«Arkadag» – «Ahal» – 2:1

Gollar: 67 Daýanç Meredow, 71 Meýlis Diniýew (“Arkadag”) – 85 Süleýman Mirzoýew (“Ahal”)

Duýduryş: 54 Güýçmyrat Annagulyýew (“Arkadag”) 

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.) 

Duşuşygyň emini: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.), Ş.Ýusupow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Begnazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Çeşme: TFF