UCL. 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary geçiriler

Şu gün, 10-njy martda UEFA-nyň Cempionlar ligasyda 1/8 final tapgyrynyň ilkinji oýun gününiň ilkinji duşuşyklary geçiriler.

Aşgabat wagty bilen sagat 22:45-de Angliýanyň «Liwerpul» topary myhmançylykda Türkiýäniň «Galatasaraý» topary bilen duşuşar. Bu duşuşygy göni ýaýlymda "Türkmenistan Sport" teleýaýlymy arkaly görkeziler.

Galan üç duşuşyk bolsa 11-nji marta geçýän gijesi sagat 01:00-da başlanar. Bu oýunlarda Germaniýanyň «Bawariýa» topary Italiýanyň «Atalanta» topary bilen güýç synanyşar. Madridiň «Atletiko» topary öz meýdançasynda «Tottenhem» toparyny kabul eder. Şeýle-de «Barselona» topary myhmançylykda Angliýanyň «Nýukasl» topary bilen duşuşar. Bu duşuşygy hem göni ýaýlymda "Türkmenistan Sport" teleýaýlymy arkaly görkeziler.