UCL. Täze formatda gaýtalanýan duşuşyklar köpelýär

UEFA Çempionlar ligasy ýaryşynyň täze formaty köpleriň ünsüni çekdi. Umuman alanyňda täze ulgam gyzykly hasaplanýar, emma onuň bir kemçiligi hem bar — şol bir toparlaryň möwsümiň dowamynda birnäçe gezek duşuşmagy.

Soňky iki möwsümde toparlaryň umumy tapgyrda hem, pleý-off tapgyrlarynda hem biri-biri bilen duşuşan ýagdaýlary 11 gezek gaýtalandy. Bu döwürde pleý-offda jemi 39 jübüt bolup, olaryň 28 göterimi gaýtalanan garşydaşlar boldy.

Iň täsin mysallaryň biri — «Real Madrid» bilen «Benfika» toparlarynyň yzygiderli üç duşuşyk geçirmegi boldy. Ýene-de has geň ýagdaý UEFA Ýewropa ligasy ýaryşynda bolup geçdi: «Ludogorets» bilen «Ferenswaroş» toparlary bir möwsümde 5 gezek duşuşdy (iki oýun Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda, biri Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynda, ýene ikisi bolsa 1/16 finalda).

Täze formatdaky Çempionlar ligasynda gaýtalanan jübütler:

2024/25 möwsüm:
«Ýuwentus» – «PSW» (1-nji tapgyr we 1/16 final)
«Arsenal» – «PSŽ» (2-nji tapgyr we ýarym final)
«Brýugge» – «Aston Willa» (4-nji tapgyr we 1/8 final)
«Monako» – «Benfika» (5-nji tapgyr we 1/16 final)
«Barselona» – «Borussiýa Dortmund» (6-njy tapgyr we 1/4 final)
«Benfika» – «Barselona» (7-nji tapgyr we 1/8 final)

2025/26 möwsüm:
«Nýukasl» – «Barselona» (1-nji tapgyr we 1/8 final)
«Galatasaraý» – «Liwerpul» (2-nji tapgyr we 1/8 final)
«Mançester Siti» – «Real Madrid» (6-njy tapgyr we 1/8 final)
«Olimpiakos» – «Baýer» (7-nji tapgyr we 1/16 final)
«Benfika» – «Real Madrid» (8-nji tapgyr we 1/16 final)

Şeýlelikde täze format oýunlaryň sanyny we gyzyklanmasyny artdyrsa-da, şol bir garşydaşlaryň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy käbir janköýerleriň tankydyna sebäp bolýar.