Balkanabatda okuwçy gyzlaryň arasynda futzal ýaryşy geçirildi

"Halkara zenanlar güni" mynasybetli Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän orta mekdeplerinde okaýan okuwçy gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda sportuň "Futzal" görnüşi boýunça ýaryş geçirildi ýaryşa 8 sany topar gatnaşdy olar şulardan ybarat. 7-nji orta mekdep, 8-nji orta mekdep,19-njy orta mekdep we 21-nji orta mekdepler "B" toparçada çykyş etdiler.

12-nji orta mekdep, 15-nji orta mekdep, 11-nji orta mekdep we "Çagalar öýi" bular bolsa "A" toparça düşdüler, duşuşuklar 2-nji martdan 7-nji mart aralygynda dowam etdi ýaryş başlandan soňuna çenli diýseň gyzykly ýagdaýda geçdi her topardan 1-2-nji orny eýelän toparlar ýoluny dowam etdirdiler.

Şeýlelik bilen baýrakly orunlary eýelän toparlar:

3-nji orun üçin geçirilen duşuşykda 19-njy orta mekdep bilen 8-nji orta mekdep duşuşdy çekeleşikli geçen oýunda 19-njy orta mekdebiň gyzlary 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Final duşuşykda bolsa 11-nji orta mekdep bilen "Çagalar öýi" duşuşdy gyzykly dartgynly geçen duşuşykda 3-2 hasabynda "Çagalar öýi" ýeňiş gazandy.

Ýaryşyň ýeňijilerine medallar, we hormat hatlar, we sowgatlar gowşuryldy. Ýaryşda gowy oýun görkezen futzalçy gyzlar Balkan welaýatynyň ýygyndy toparyna saýlandylar.

Ýaryşa guramaçylyk edenler Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Balkan welaýat komiteti, Balkan welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, we Balkan welaýat futbol federasiýasy guramaçylyk etdiler.