Hawi: "Barselonada" esasy kararlary Laporta däl-de, Eçewarriýa kabul edýär
«Barselona» toparynyň öňki baş tälimçisi Hawi klubda kabul edilýän käbir möhüm kararlar barada sesli beýanat berdi. Onuň sözlerine görä, topary hakykatda diňe prezident Žoan Laporta dolandyrmaýar.
Hawiň aýtmagyna görä, möhüm kararlar kabul edilende Alehandro Eçewarriýanyň täsiri uly bolýar. Ol Laportanyň kömekçisi hem-de öňki garyndaşy bolup, prezident öň onuň uýasy bilen durmuş gurupdy.
Resmi taýdan Eçewarriýanyň «Barselonada» anyk wezipesi ýok. Şeýle-de bolsa, ol howpsuzlyk hyzmatynyň utgaşdyryjysy hökmünde futbolçylaryň daşarky adamlar bilen gatnaşyklaryny çäklendirmek ýaly meselelerde kömek edýär.
Şeýle ýagdaýlara garamazdan, Hawi onuň klubdaky möhüm kararlara hem gatnaşýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, öz işinden boşadylmagy baradaky kararyň hem kabul edilmeginde Eçewarriýanyň täsiri bolupdyr.
Hawi şeýle hem Eçewarriýanyň toparyň eşik çalşylýan otagynda düşünişmezlik döredendigini öňe sürdi. Onuň aýtmagyna görä, Eçewarriýa Serži Roberto, Ronald Arauho, Pedri hem-de Rafinýa ýaly futbolçylara tälimçiniň olary satmak isleýändigini aýdypdyr. Hawi bolsa munuň ýalan maglumatdygyny belledi.

Öňki tälimçi başga bir mesele — Lionel Messiniň «Barselona» dolanyp gelmegi baradaky ýagdaýy hem agzap geçdi. Hawiniň sözlerine görä, 2022-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatyndan soň Messi toparyna gaýdyp gelmäge taýýardy we bu transfer üçin La Ligadan hem rugsat alnypdy. Emma soňra Laporta bu geçişi saklapdyr.
Prezidentiň pikiriçe, Messi dolanyp gelse, toparyň içinde aýlyk boýunça täze jedeller ýüze çykyp bilerdi.
Mundan başga-da, Hawi toparyň kapitany Serhio Busketsiň ornuna Martin Subimendini transfer etmek isleýändigini aýdandygyny, emma topar ýolbaşçylarynyň maliýe sebäplerini görkezmek bilen bu teklibi yzyna gaýtarandygyny aýtdy.
Hawi sözüniň ahyrynda häzirki ýagdaýda «Barselonanyň» baş tälimçisi hökmünde gaýdyp gelmek meýliniň ýokdugyny aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde Žoan Laporta hem öňki tälimçiniň sözlerine jogap berdi. Prezident Hawiniň näme üçin nägile bolýandygyna düşünýändigini aýtdy, emma häzirki wagtda şol bir futbolçylar bilen täze baş tälimçi Hansi Fligiň has üstünlikli çykyş edýändigini nygtady.
Laportanyň sözlerine görä, ol Hawi bilen dowam edilse toparyň üstünlik gazanmajakdygyna göz ýetiripdir. Şonuň üçin toparyň geljegi üçin başga tälimçi bilen ýoluny dowam etdirmek kararyna gelipdir.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


