TFF-niň Kubogy: ýarymfinal duşuşyklarynda çykyş etjek toparlar belli boldy

8-nji martda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çäginde «B» toparçanyň wekilleri jemleýji üçünji tapgyryň duşuşyklaryny geçirdiler. Geçirilen bu duşuşyklardan soň Kubok bäsleşiginiň ýarymfinalynda güýç synanyşjak toparlar belli boldy.

Oýun gününiň birinji duşuşygynda wagtyndan öň ýarymfinala çykan «Arkadag» topary «Merwi» 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyny (U20) 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Aşgabat» topary adyny ýarymfinala ýazdyrmagy başardy. 

Şeýlelikde 10-njy martda geçiriljek ýarymfinal duşuşyklarynda «Şagadam» «Aşgabat» bilen «Arkadag» topary bolsa «Ahal» bilen güýç synanyşarlar. Kubok bäsleşiginiň final duşuşygy 12-nji martda geçiriler.

TFF-niň Kubogynyň 3-nji tapgyryň duşuşyklary:

 «Arkadag» – «Merw» – 3:0

Gollar: 18 Begenç Akmämmedow, 57 Daýanç Meredow, 68 Resul Hojaýew («Arkadag»)

Duýduryş: 38 Rahman Myratberdiýew («Arkadag»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.) 

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: H.Amanmämmedow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: K.Seýdow (Aşgabat ş.)

 

«Aşgabat» – U20 – 1:0

Gol: 55 Didar Didarow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 61 Atageldi Geldiýew, 73 Wahyt Orazsähedow (“Aşgabat”) – 35 Annamuhammet Rejepow, 36 Jemşit Mädeminow, 90+1 Weýisgeldi Orazdurdyýew (U20)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.) 

Duşuşygyň emini: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Kömekçi eminler: A.Isçanow (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: A.Hajypoladow (Balkanabat ş.)

Çeşme: TFF