Futbol sanlarda: "Çelsi" rekord goýdy, "Tottenhem" taryhy antirekordy gaýtalady

Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda birnäçe gyzykly statistik görkezijiler hasaba alyndy.

Angliýanyň Premýer-liga ýaryşynda «Çelsi» kluby möwsümde ýedinji gyzyl kartyny aldy. Bu görkeziji soňky 10 ýylyň dowamynda ligada gaýtalanmadyk rekord boldy. Şeýle-de «Tottenhem» kluby 1994-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çempionatda yzygiderli 10 duşuşykda ýeňiş gazanyp bilmedi.

«Liwerpul» klubynyň goragçysy Wirjil wan Deýk çempionatdaky 28-nji goluny geçirip, Premýer-liganyň taryhynda iň köp gol geçiren goragçylaryň arasynda ikinji orna çykdy. Bu sanawda ol diňe Jon Terridan yzda ýerleşýär.

Ispaniýanyň çempionatynda «Barselona» klubynyň ýaş ýyldyzy Lamin Ýamal XXI asyrda 19 ýaşyna ýetmänkä Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynda 25 we ondan köp gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Italiýanyň Seriýa A ýaryşynda «Inter» klubynyň goragçysy Federiko Dimarko 6 gol we 14 asist bilen jemi 20 netijeli herekete gatnaşdy. Bu görkeziji 2005/06 möwsüminden bäri goragçy üçin iň ýokary netije bolup, şol möwsümde 20 netijeli herekete gatnaşan Massimo Oddonyň derejesi gaýtalandy.

Germaniýanyň Bundesliga çempionatynda «Bawariýa» klubynyň hüjümçisi Harri Keýn yzygiderli dördünji duşuşykda dubl edip, ýaryşyň taryhynda şeýle netijäni görkezen ilkinji futbolçy boldy.

Fransiýanyň çempionatynda «Monako» klubynyň ýarymgoragçysy Aleksandr Golowin yzygiderli üçünji duşuşykda asist edip, fransuz klubundaky iň üstünlikli seriýasyny hasaba aldy.