Kataryň Futbol Assosiasiýasy ähli ýaryşlary wagtlaýyn togtatdy

Kataryň Futbol Assosiasiýasy şu günden başlap ýurduň çägindäki ähli futbol ýaryşlarynyň, resmi duşuşyklaryň we beýleki sport çäreleriniň indiki bildirişe çenli togtadylýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çözgüt sebitdäki dartgynly ýagdaýlar bilen bagly kabul edildi.

28-nji fewraldan bäri Ýakyn Gündogarda harby çaknyşyklar güýçlenýär. Habar berlişine görä, ABŞ we Ysraýyl Eýranyň harby desgalaryna hem-de dolandyryş merkezlerine zarba urýar. Eýran bolsa öz gezeginde goňşy ýurtlara, şol sanda Katara, Birleşen Arap Emirliklerine, Bahreýne we Saud Arabystana garşy hüjümler amala aşyrýar. Sebitdäki ýagdaýyň ýitileşmegi howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegine getirdi.

Bu ýagdaý 27-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilen Finalissima duşuşygyna hem täsir edip biler. Çeşmeleriň maglumatyna görä, häzirki wagtda oýny başga bir ýurtda geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Finalissima — bir duşuşykdan ybarat ýörite ýaryş bolup, onda Ýewropa çempionatynyň soňky ýeňijisi bilen Amerika Kubogynyň (Kopa Amerika) soňky ýeňijisi duşuşýar. Bu gezek meýilleşdirilen oýunda Argentina bilen Ispaniýanyň ýygyndylary güýç synanyşmalydy.

Häzirki wagtda sebitdäki ýagdaý durnuklaşýança, Katarda futbol bilen bagly ähli çäreler wagtlaýynça geçirilmez. Guramaçylar ýagdaýyň ösüşine görä goşmaça maglumat berjekdiklerini habar berdiler.