Bagtyýar Gürgenow "Altyn Asyryň" düzümine goşuldy
Ýurdumyzyň «Altyn Asyr» topary düzümine tejribeli goragçy Bagtyýar Gürgenowy goşdy. 28 ýaşly futbolçy täze toparyna erkin agent hökmünde geçdi.
Gyzykly tarapy, futbolçy hut şu gün — 27-nji fewralda doglan gününi belläp, 28 ýaşyny doldurýar. Şeýlelikde, ol täze şertnamasyny şahsy baýramy bilen bir günde garşy aldy.
Bagtyýar Gürgenow futbol ýoluna «Köpetdag» toparynda başlady. Soňra ol «Altyn Asyrda» çykyş etdi, ondan soň ýene-de «Köpetdagyň» düzümine dolandy. Şeýle-de goragçy Özbegistanyň «Gyzylgum» toparynda oýnady. Soňky möwsümlerde bolsa «Ahal» toparynyň hatarynda çykyş edip, indi täzeden «Altyn Asyryň» düzümine goşuldy.
Ol 2025/26 möwsüminde AFK-nyň Çempionlar ligasy–2 ýaryşynda «Ahalyň» düzüminde alty duşuşygyň hemmesinde doly oýnap, iki gol geçirmegi başardy.
Häzirki wagtda "Transfermarkt" portalynyň maglumatyna görä, Bagtyýar Gürgenowyň bazar bahasy 50 müň ýewro hökmünde görkezilýär.
Ýeri gelende bellesek, «Altyn Asyr» Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 2025-nji ýylky möwsümini 53 utuk bilen üçünji orunda tamamlady.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


