UCL. Angliýadan alty klub 1/8 finalda, bu rekord
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek bir ýurduň alty kluby bir möwsümde 1/8 final tapgyryna çykmagy başardy. Bu üstünlik Angliýanyň Premýer-ligasynyň wekillerine degişli boldy we täze rekord hökmünde hasaba alyndy.
Ilkinji gezek bir assosiasiýadan alty topar toparçalaýyn tapgyrdan geçdi. Şolaryň bäşisi 1/8 finala göni ýollanma aldy, diňe «Nýukasl» pleý-off (geçiş) duşuşyklary arkaly indiki tapgyra çykmagy başardy.
Öňki iň ýokary görkeziji 2017/2018 möwsüminde goýlupdy. Şonda hem Angliýadan bäş klub pleý-off tapgyryna çykypdy. Şeýle-de bolsa, olaryň diňe ikisi çärýek finala çenli baryp ýetdi. Şol möwsümde «Liwerpul» finala çenli baryp, aýgytly duşuşygynda Madridiň «Realyndan» ýeňlipdi.
Bir ýurduň dört klubynyň pleý-off tapgyryna çykmagy bolsa has ýygy duş gelýän ýagdaýdyr. 2003/2004 möwsüminden — ýagny 32 toparly täze format girizilen döwründen bäri — Angliýa şeýle netijäni 10 gezek gazandy. Ispaniýa ýedi gezek, Germaniýa bolsa dört gezek dört toparyny pleý-offa çykardy.

Mundan başga-da, geçen möwsüm umumy toparçalaýyn tapgyryň girizilmegi bilen ilkinji gezek Italiýa we Fransiýa hem bir möwsümde dört klubyny indiki tapgyra çykarmagy başardy.
Şeýlelikde, häzirki möwsümde Angliýanyň alty klubynyň 1/8 finala çykmagy Çempionlar ligasynyň taryhynda täze sepgit bolup, ýurduň klublar futbolyndaky güýjüni nobatdaky gezek subut etdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


