La Liga. "Barselona" we "Real" şikesler bilen ýüzbe-ýüz
Kataloniýanyň «Barselona» klubynyň ýarymgoragçysy Frenki de Ýong türgenleşik wagtynda şikes alyp, azyndan bir aýa çenli meýdança çykyp bilmez. Klubyň resmi beýanyna görä, 28 ýaşly gollandiýaly futbolçynyň sag budundan şikes aldy we dikeldiş döwri bäş-alty hepde dowam eder.

Şeýlelikde, de Ýong Ispaniýanyň çempionatynda «Wilýarreal» bilen geçiriljek duşuşygy, şeýle-de Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyndaky iki oýny hem goýberer. Ol diňe aprel aýynyň birinji ýarymynda düzüme dolanyp biler.
2025/2026 möwsüminde de Ýong 31 duşuşyk geçirip, bir gol we ýedi asist bilen tapawutlandy. Häzirki wagtda «Barselona» La Liganyň sanawynda birinji ýerde barýar we ikinji orundaky Madridiň «Realyndan» bir utuk öňde. Katalonlar Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda sekiz oýunda 16 utuk toplap, bäşinji orun bilen 1/8 finala çykdylar.
Klubyň sport direktory Deko şikes baradaky ýagdaýy şeýle teswirledi: "De Ýonguň şikesi garaşylmadyk ýagdaý boldy. Şeýle pursatlar futbolda bolýar. Bu onuň ajaýyp forma ýygnan döwrüne gabat geldi".
Şol bir wagtda Madridiň «Realy» hem möhüm oýunçylarynyň saglyk ýagdaýy sebäpli aladalanýar.
Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda Lissabonyň «Benfikasy» bilen geçirilen jogap duşuşygynda (2:1) goragçy Raul Asensio topardaşy Eduardu Kamawinga bilen howadaky göreşde kelle çakyşmasyna uçrady. 77-nji minutda bolan bu hadysadan soň ispan futbolçy birnäçe minut lukmanlaryň kömegini aldy we meýdançadan nosilka bilen çykaryldy. Onuň ýerine Dawid Alaba oýna girdi.

Asensio hassahana alnyp gidildi, ýöne geçirilen barlaglardan soň şol günüň özünde öýüne goýberildi. Lukmanlaryň maglumatyna görä, onuň ýagdaýy durnukly, saglygyna howp ýok.
Bu duşuşykda «Real» ikinji gezek «Benfikany» ýeňip, iki oýnuň jemi boýunça indiki tapgyra çykdy. Ýeňiş goluny Winisius Žunior geçirdi.

Fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe hem soňky duşuşygy goýberdi. Onuň çep dyzyndaky agyry sebäpli dynç almagyna mümkinçilik döredildi. Habar berlişine görä, Mbappe iň köp iki hepde oýnap bilmez we La Liganyň üç duşuşygyny goýbermegi mümkin. Şeýle-de bolsa, onuň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çenli dikeldilmegine garaşylýar. Möwsümde Mbappe 33 oýunda 38 gol we alty asist bilen tapawutlandy.

Iňlis ýarymgoragçysy Jud Bellingem hem fewral aýynyň başyndan bäri şikes sebäpli düzümden daşarda. Ol top bilen türgenleşiklere başlasa-da, doly gaýdyp gelmegine entek wagt gerek. Habarlara görä, Bellingem hem Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşyklarynda toparyna kömek edip bilmez. Möwsümde ol 28 oýunda alty gol we dört asist etdi.
Şeýlelikde, möwsümiň iň jogapkärli döwründe hem «Barselona», hem-de «Real» birnäçe esasy oýunçysynyň şikesi sebäpli kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýagdaý öňdäki duşuşyklaryň netijelerine hem öz täsirini ýetirip biler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


