UCL. Ronaldundan soň "Ýuwentusyň" şowsuzlyklary

2018-nji ýylyň tomsunda portugaliýaly ýyldyz Kriştianu Ronaldu Turiniň «Ýuwentus» toparyna geçenden soň, toparyň Çempionlar ligasyndaky çykyşlarynda pese gaçyş başlandy.

2018/19 möwsüminde «Ýuwentus» 1/4 finalda Amsterdamyň «Aýaks» toparyndan utuldy. 2019/20 möwsüminde 1/8 finalda Fransiýanyň «Lion» topary tarapyndan ýaryşdan çykaryldy.

2020/21 möwsüminde 1/8 finalda Portugaliýanyň «Portu» topary üstün çykdy. 2021/22 möwsüminde bolsa 1/8 finalda Ispaniýanyň «Wilýarreal» topary turinlileri ýaryşdan çykardy.

2022/23 möwsümi has-da şowsuz boldy. «Ýuwentus» toparçada Portugaliýanyň «Benfika» hem-de Ysraýylyň «Makkabi Haýfa» toparlary bilen bir toparda çykyş edip, bary-ýogy 3 utuk toplady we 6 duşuşygyň 5-sinde ýeňildi. Şeýlelikde, topar pleý-off tapgyryna çykyp bilmedi.

2023/24 möwsüminde «Ýuwentus» Ýewrokubok ýaryşlaryna gatnaşmady. 2024/25 möwsüminde bolsa 1/16 finalda Gollandiýanyň «PSW Eýndhowen» toparyndan utuldy.

Häzirki 2025/26 möwsüminde «Ýuwentus» 1/16 finalda Türkiýäniň «Galatasaraý» topary bilen jogap duşuşyk geçirer. Bu jogap duşuşyk 25-nji fewraldan 26-njy fewrala geçilýän gije sagat 01:00-da başlanar. Olar ilkinji oýunda «Galatasaraýyň» meýdançasynda 5:2 hasabynda utuldy. Eger italýan kluby bu garşydaşyndan hem geçip bilmese, soňky ýyllardaky şowsuzlyklar sanawy ýene bir gezek uzalar.