UCL. 1/16 finalyň soňky jogap duşuşyklary geçiriler

25-nji fewralda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2025/2026 möwsüminiň 1/16 final tapgyryndaky soňky dört jogap duşuşygy geçiriler.

Şu gün sagat 22:45-de Italiýanyň «Atalanta» topary öz meýdançasynda Germaniýanyň «Borussiýa Dortmund» (0:2 ilkinji duşuşyk) toparyny kabul eder. Bu duşuşyk "Türkmenistan Sport" teleýaýlymy arkaly görkeziler.

25-nji fewraldan 26-njy fewrala geçilýän gije sagat 01:00-da üç duşuşyk bir wagtda başlanar. Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary «Monako» (3:2) bilen güýç synanyşar. Şeýle wagtda Ispaniýanyň «Real Madrid» topary Portugaliýanyň «Benfika» (1:0) toparyny kabul eder. Bu duşuşyk hem "Türkmenistan Sport" arkaly görkeziler. Şeýle-de Italiýanyň «Ýuwentus» topary Türkiýäniň «Galatasaraý» (2:5) topary bilen duşuşar.

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna eýýäm Angliýanyň «Arsenal», Germaniýanyň «Bawariýa», Angliýanyň «Liwerpul», «Tottenhem», Ispaniýanyň «Barselona», Angliýanyň «Çelsi», Portugaliýanyň «Sporting» hem-de Angliýanyň «Mançester Siti» toparlary çykdy. 1/16 finaldan 1/8 final tapgyryna çykan toparlar bolsa: Ispaniýanyň «Atletiko Madrid», Germaniýanyň «Baýer», Norwegiýanyň «Bude-Glimt» we Angliýanyň «Nýukasl».

1/8, 1/4, 1/2 final hem-de final tapgyrlarynyň bije çekilişi 27-nji fewralda geçiriler. Ýaryşyň final duşuşygy 2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Wengriýanyň Budapeşt şäherindäki "Puşkaş Arena" stadionynda geçiriler.