Prestianniniň geçmişindäki dawa-jenjeller

Argentinaly futbolçy Jianluka Prestianni soňky ýyllarda diňe meýdançadaky oýny bilen däl, eýsem dürli dawa-jenjeller bilen hem duş gelipdi.

2022-nji ýylda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda Braziliýa bilen Argentinanyň arasynda bolan duşuşyk 2:1 hasabynda braziliýalylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Oýundan soň meýdançada köpçülikleýin dawa ýüze çykdy. Braziliýaly oýunçylaryň garşydaşlaryny öjükdirmek ýagdaýy has-da dartgynlaşdyrdy. Netijede iki toparyň futbolçylary we tälimçiler düzüminiň gatnaşmagynda dawa turdy. Şol waka gatnaşanlaryň arasynda Prestianniniň hem bolandygy aýdylýar.

Has çynlakaý waka bolsa 2023-nji ýylda bolup geçdi. Şol döwürde Prestianni «Weles Sarsfield» toparynda çykyş edýärdi. Toparyň birnäçe şowsuz duşuşyklaryndan soň janköýerleriň bir topary klub bazasynda futbolçylara duzak gurady. Birnäçe ulag bilen olaryň ýoluny böwdüler. Maglumata görä, Prestiannini boýnundan tutup, ýüzüne iki gezek urupdyrlar. Gahar-gazaply janköýerler futbolçylara ýarag bilen haýbat atyp, hatda "aýaklaryňyzdan atarys" diýip haýbat hem atdylar. Şol wakadan soň Janluka täze mümkinçilik gözläp, Portugaliýanyň «Benfika» toparyna geçmek kararyna geldi.

Mundan başga-da, «Real Madrid» bilen geçirilen dawaly duşuşykdan soň sosial ulgamlarda bir wideo ýaýrady. Onda Prestianniniň topardaşy Dodi Lukebakio barada ýerliksiz degişme edendigi görünýär. Bu ýagdaý jemgyýetde dürli pikirleri döretdi.