UCL. Dört topar 1/8 finalda

2025/2026 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň 1/16 finalynyň ilkinji oýun gününiň jogap duşuşyklary sişenbe güni tamamlandy.

«Atletiko Madrid» öz meýdançasynda «Brýugge» bilen garşylaşyp, duşuşygy üstünlikli tamamlady we iki oýnuň jemi boýunça 1/8 finala çykdy. Duşuşykda Aleksander Serlot het-trik edip, toparynyň esasy gahrymany boldy. Şeýlelikde, madridliler indiki tapgyrda «Tottenhem» ýa-da «Liwerpul» bilen duşuşar.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Aleksander Sörlot («Atletiko»).

«Baýer Lewerkuzen» öz meýdançasynda «Olimpiakos» bilen oýnap, iki duşuşygyň jemi boýunça garşydaşyny ýeňdi we indiki tapgyra çykdy. Lewerkuzeniň kluby Çempionlar ligasynda soňky ýedi duşuşygynyň bäşisinde öz derwezesini golsuz saklamagy başardy. Şeýlelikde, topar şu pleý-off tapgyryndaky alty gezeklik ýeňilmek seriýasyny hem togtatdy. 1/8 finalda olar «Arsenal» ýa-da «Bawariýa» bilen duşuşar.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Alehandro Grimaldo («Baýer»).

Norwegiýanyň çempiony «Bude-Glimt» "San-Siro" stadionynda Italiýanyň üç gezek Ýewropanyň çempiony bolan «Inter» toparyny ýeňip, sensasiýa ýagdaýda 1/8 finala çykdy. Iki duşuşygyň dowamynda norwegiýaly klub ynamly çykyş edip, garşydaşyny ýaryşdan çykardy. Şeýlelikde, «Bude-Glimtiň» ertekisi dowam edýär. Olar indiki tapgyrda «Mançester Siti» ýa-da «Sporting» bilen duşuşar.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Ýens-Petter Hauge («Bude-Glimt»).

«Nýukasl» hem üstünlikli çykyş edip, 1/8 finala çykdy. Iki duşuşygyň dowamynda iň netijeli garşylaşyklaryň biri hasaba alyndy – jemi 12 gol geçirildi. Indiki tapgyrda iňlis kluby «Çelsi» ýa-da «Barselona» bilen duşuşar.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Sandro Tonali («Nýukasl»).

Umumy tapgyrdan gönüden-göni 1/8 finala çykan klublar: «Arsenal», «Bawariýa», «Barselona», «Liwerpul», «Mançester Siti», «Sporting», «Tottenhem» we «Çelsi».

1/8, 1/4, 1/2 final hem-de final tapgyrlarynyň bije çekilişi 27-nji fewralda geçiriler.