Transfer. Antuan Grizmann MLS-e golaýlady

34 ýaşly fransuz hüjümçi Antuan Grizmann ýakyn wagtda Ýewropadan ABŞ-a göçüp biler. Häzirki wagtda Madridiň «Atletiko» klubynda çykyş edýän tejribeli futbolçynyň MLS-e geçmek ähtimallygy ýokarlandy.

Bu barada belli futbol žurnalisti Fabrizio Romano sosial ulgamlarda habar berdi. Onuň maglumatyna görä, Grizmannyň ABŞ-nyň MLS ýaryşynda birnäçe teklibi bar, emma esasy dalaşgär hökmünde «Orlando Siti» görkezilýär.

Romano-nyň ýazmagyna görä, fransuz futbolçy bilen «Orlando Sitiniň» arasynda şertnama boýunça gepleşikler ep-esli öňe gitdi. Klubyň ýolbaşçylary geleşigi hepdäniň ahyryna çenli tamamlamagy maksat edinýär.

Grizmann häzirki wagtda «Atletiko Madrid» bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşan. Onuň transfer bazaryndaky bahasy 11 million ýewro hökmünde bahalandyrylýar. Şeýle-de bolsa, taraplaryň özara ylalaşygy ýagdaýynda transferiň möhletinden öň amala aşmagy mümkin.

2025/26 möwsüminde La Ligada tejribeli hüjümçi 22 duşuşykda meýdança çykdy we alty gezek tapawutlanmagy başardy. Möwsümiň dowamynda onuň roly birneme üýtgäp, käbir duşuşyklarda ol has çuňňur pozisiýada çykyş etdi.