UCL. "Benfika" – "Real Madrid" duşuşygyndan soň Prestian­ni wagtlaýyn çetleşdirildi

Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda «Benfika» kluby bilen «Real Madrid» klubynyň arasynda geçirilen ilkinji duşuşyk (0:1) uly jedeller bilen tamamlandy. Oýundan soň Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi tarapyndan resmi karar çykaryldy.

"UEFA" tarapyndan ýaýradylan beýannama görä, Guramanyň Gözegçilik, etika we düzgün-nyzam komiteti – "CEDB" – Jangluka Prestian­nini wagtlaýynlykda bir (1) "UEFA"-nyň klublar ýaryşynyň duşuşygyndan çetleşdirmek barada karar kabul etdi. Bu çetleşdirme derňew tamamlanýança güýjünde bolar.

Duşuşygyň dowamynda «Real Madridiň» hüjümçisi Winisius Junior eminlere «Benfikanyň» futbolçysynyň özüne garşy rasizm taýdan kemsidiji söz aýdandygyny habar beripdi. Wakanyň käbir pursatlarynda Prestianniniň ýüzüni köýnekçe bilen ýapandygy aýdylýar, bu bolsa ýagdaýy anyk kesgitlemegi kynlaşdyrdy. Argentinaly ýarymgoragçy ähli aýyplamalary boýnuna almady.

"Sky Sports" we beýleki neşirleriň maglumatlaryna görä, futbolça garşy wagtlaýyn çäklendirme 23-nji fewralda yglan edildi. Şeýlelikde, ol 25–26-njy fewral gijesinde Madriddäki "Santiago Bernabeu" stadionynda geçiriljek jogap duşuşygyny goýberer.

«Benfika» kluby bu karar boýunça resmi beýannama bilen çykyş etdi. Klubyň ýolbaşçylary çözgüde gynanç bildirdi hem-de şikaýat arzasyny bermek niýetini tassyklady. Şeýle-de «Benfika» öz taryhynyň we gymmatlyklarynyň islendik görnüşdäki rasizme we kemsitmelere garşy göreşmekdigini aýratyn belledi. Beýannamada klubyň ady rowaýata öwrülen oýunçysy Eusebionyň ady hem aýratyn agzaldy.

Mundan başga-da, "El Chiringuito" neşiriniň ýazmagyna görä, Prestian­ni abraýyny goramak maksady bilen «Real Madridiň» futbolçylary Kilian Mbappe we Winisius Žuniora garşy kazyýet tertibinde ýüz tutmagy meýilleşdirýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, ol "UEFA", "FIFA" hem-de Portugaliýanyň kazyýet edaralaryna ýüz tutup biler. Häzirlikçe bu barada resmi düşündiriş berilmedi.

Şol bir wagtda «Benfika» tarapyndan «Real Madridiň» futbolçysy Federiko Walwerde bilen Samuel Dahl arasynda bolan ýagdaý boýunça berlen şikaýat "UEFA" tarapyndan ýapyk diýlip hasaplandy. Portugaliýaly klub wideokadrlarda agressiýanyň açyk görünýändigini aýdyp, disiplinar çäre ulanylmandygyna nägilelik bildirdi.

Jogap duşuşygynda «Benfikanyň» baş tälimçisi Žoze Mourinýo hem topary tehniki zolakdan dolandyryp bilmez. Ol ilkinji oýunda gyzyl kart alandygy sebäpli, oýny münberden synlar. "A Bola" neşiriniň maglumatyna görä, metbugat duşuşygynda onuň ýerine kömekçisi Žoau Tralýan hem-de toparyň bir oýunçysy çykyş eder.

«Real Madridiň» baş tälimçisi Alwaro Arbeloa hem jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda bu waka barada pikir bildirdi. Onuň sözlerine görä, futbol hormat meýdany bolmaly we rasizmiň hiç hili aklanmasy ýok. Arbeloa bu ugurda "UEFA"-nyň berk çäre görmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

Ilkinji duşuşykda «Real Madrid» – «Benfikany» 1:0 hasabynda ýeňipdi. Ýeke-täk goly Winisius geçirdi. Jogap duşuşygy 26-njy fewrala geçilýän gijesinde geçiriler.