Futbol sanlarda: "Mançester Ýunaýted" ýeňilmeýär, Kasorla taryha girdi
«Mançester Ýunaýted» kluby 2026-njy ýylda Angliýanyň Premýer-ligasynda heniz ýeňliş ýüzüni görmedik ýeke-täk klub bolup galýar.
«Real Sosýedad» bilen geçirilen duşuşykda 41 ýaş 70 günliginde asist eden Santi Kasorla XXI asyrda La Ligada iň uly ýaşly asist awtorlarynyň arasynda ikinji orna çykdy. Bu görkeziji boýunça diňe Hoakin (41 ýaş 298 gün) öňde durýar.
«Barselona» – «Lewante» garşy öz meýdançasynda yzygiderli 21-nji ýeňşini gazandy. Soňky gezek şeýle şowsuzlyk 1935-nji ýylda bolupdy.
«Milan» A seriýasynda awgust aýyndan bäri ilkinji gezek ýeňildi. Şoňa çenli «Milan» 24 duşuşykda yzygiderli utulman gelýärdi.
«Inter» soňky 14 tapgyryň 13-sinde ýeňiş gazandy. Olar iň soňky gezek noýabr aýynda «Milandan» utulypdy.
Jamal Musiala Bundesliganyň taryhynda 100 ýeňiş gazanan iň ýaş futbolçy boldy. Ol bu sepgide 22 ýaş 360 günliginde ýetdi.
Bir tapgyrda öňdebaryjy dört toparyň üçüsi — «Lans», «Lion» we «Marsel» — ýeňildi. Şeýle ýagdaý iň soňky gezek 2021/22 möwsüminde hasaba alnypdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


