Bundesliga. Diasyň "Bawariýa" bilen şertnamasynda aýratyn talap bar
«Bawariýa» klubynyň futbolçysy Luis Diasyň şertnamasynda diňe sport borçlary däl, eýsem meýdançadan daşgary talaplar hem göz öňünde tutulýar.

"Bild" neşiriniň maglumatyna görä, ylalaşygyň maddalarynyň biri nemes dilini hökmany öwrenmek bilen bagly. Çeşmäniň bellemegine görä, 29 ýaşly futbolçy yzygiderli dil sapaklaryna gatnaşmaly we ösüşini görkezmeli. Netijeler kanagatlanarly bolmadyk ýagdaýynda oňa jerime salynmagy mümkin. Jerimäniň möçberi okuw görkezijilerine we ösüş derejesine baglylykda 5 müňden 50 müň ýewro çenli üýtgäp biler.
Kolumbiýaly oýunçy geçen tomus «Bawariýanyň» düzümine «Liwerpuldan» 70 million ýewro garşylygyna transfer bolupdy. Onuň häzirki şertnamasy 2029-njy ýyla çenli dowam edýär.
Şu möwsümde Dias ähli ýaryşlarda 33 duşuşyk geçirip, 19 gol we 15 asist bilen tapawutlandy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


