Serie A. "Milan" möwsümiň ahyryna çenli Loftus-Çigi ýitirdi
Italiýanyň A seriýasynyň 26-njy tapgyrynda «Milan» kluby «Parma» (0:1) bilen geçirilen duşuşykda diňe ýeňlişe sezewar bolman, eýsem esasy futbolçylarynyň birini hem ýitirdi.
Duşuşygyň 11-nji minutynda iňlis ýarymgoragçy Ruben Loftus-Çik jerime meýdançasynyň çäginde garşydaş bilen çaknyşyp, meýdançany terk etdi. Lukmanlar topary dessine meýdança çykdy, futbolçy nosilka bilen alnyp gidildi. Şol pursatda onuň huşuny ýitirmändigi bellenildi, janköýerler bolsa goldaw hökmünde onuň adyny bilelikde aýtdylar. Loftus-Çigiň ýerine geçen ýyldan bäri «Milanyň» düzüminde çykyş edýän Ardon Jaşari oýna goşuldy.

Soňky barlaglaryň netijesine görä, Loftus-Çigiň şikesi çynlakaý bolup çykdy. Çaknyşyk wagtynda ol kellesine güýçli urgy aldy, birnäçe dişini ýitirdi we ýaňagynda jaýryk ýüze çykdy. Deslapky lukmançylyk barlagy onuň eňeginiň döwülendigini görkezdi. Futbolça hirurgiki operasiýa zerur bolar we häzirki möwsümi sypdyrar. Onuň gaýdyp meýdança çykjak wagty barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.
"Sky Sports" çeşmesiniň maglumatyna görä, Loftus-Çige ýörite berkidiji plastina goýulmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda ýarymgoragçy ilkinji döwürde diňe turba arkaly iýmitlenmeli bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


