Serie A. "Milan" ýeňildi, Loftus-Çik agyr şikes aldy
Italiýanyň A seriýasynyň 26-njy tapgyrynda «Milan» kluby öz meýdançasynda «Parma» bilen duşuşdy. Duşuşyk ýer eýeleri üçin örän şowsuz başlady.
Oýnuň 15-nji minutynda «Milanyň» baş tälimçisi Massimiliano Allegri mejbury çalyşma geçirdi. Toparyň esasy ýarymgoragçylarynyň biri Ruben Loftus-Çik agyr şikes alyp, oýny dowam etdirip bilmedi.

Bu ýagdaý «Milan» hüjüm edýän wagtynda ýüze çykdy. Aleksis Saelemaekers jerime meýdançasyna topy goýberdi, şol pursatda Loftus-Çik ýokary tizlikde öňe çykýardy. «Parmanyň» derwezeçisi Eduardo Korwi derwezesinden çykyp barýarka, bilmän güýçli urgyny «Milanyň» sekizinji belgili futbolçysynyň kellesine ýetirdi. Top üçin göreşýän ýarymgoragçy dessine ýere ýykyldy we özbaşdak ýerinden galyp bilmedi.
Meýdança lukmanlar topary çagyryldy. Lukmanlar futbolçynyň ýagdaýyny barlap, onuň boýnuny we kellesini berkidip, nosilka bilen geýim otagyna alyp gitmek kararyna geldiler. Şikes alan Loftus-Çigiň ýerine ýaş oýunçy Ardon Jaşari meýdança çykdy.
Birinji ýarymda hasap açylmady. "San Siro" stadionynda çykyş eden ýer eýeleri oýunda öz oýnuny tapyp bilmedi. Esasy wagtyň tamamlanmagyna 10 minut galanda Mariano Troilo myhmanlary öňe çykaryp, duşuşygyň ýeke-täk goluny geçirdi.

Netijede «Milan» öz meýdançasynda 0:1 hasabynda ýeňildi.
Bu şowsuzlykdan soň «Milan» ýaryş sanawynda baky garşydaşy «Interden» 10 utuk yzda ikinji orunda galýar. Inter bolsa birinji orunda ýerleşip, 64 utugy bar. «Parma» bolsa 12-nji orunda ýerleşýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


