Ligue 1. "PSŽ" Žoau Neweş bilen şertnamany uzaldar

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» kluby portugaliýaly ýarymgoragçy Žoau Neweş bilen täze şertnama baglaşmaga taýýarlanýar. Toparyň ýolbaşçylary oýunçynyň şu möwsümdäki çalt ösüşini ýokary bahalandyryp, onuň bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýär.

"Le Parisien" neşiriniň habar bermegine görä, 21 ýaşly futbolçy 2030-njy ýyla çenli güýje girjek täze şertnama gol çeker.

Žoau Neweş «Benfika» klubyndan 65 million ýewro garşylygyna Pariže transfer bolupdy. Diňe bir möwsümiň dowamynda onuň bazar bahasy ep-esli ýokarlandy. Ýanwar aýyndaky "CIES Football Observatory"-niň reýtingine laýyklykda, portugaliýaly ýyldyz häzirki wagtda 130 million ýewro bahalanýar. Bu görkeziji ony dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň arasynda sekizinji orna, merkezi ýarymgoragçylaryň arasynda bolsa birinji orna çykardy.

Geçen möwsümde Neweş «Pari Sen-Žermen» üçin meýdanyň merkezinde esasy oýunçylaryň birine öwrüldi. Çempionlar ligasynyň final duşuşygynda başlangyç düzümde çykyş eden futbolçylaryň arasynda onuň aýlygy iň pes görkeziji bolupdy.

Täze şertnama bu deňsizligi aradan aýyrar. Indi onuň maliýe şertleri meýdandaky ähmiýetine we görkezýän derejesine laýyk bolar.