La Liga. "Barselona" öňe saýlandy, "Real Madrid" ýeňlişe sezewar boldy

Ispaniýanyň La Liga çempionatynyň 25-nji tapgyrynda «Real Madrid» myhmançylykda «Osasuna» klubyndan 1:2 hasabynda ýeňildi, «Barselona» bolsa öz meýdançasynda «Lewante» klubyny 3:0 hasabynda utup, ýaryş tertibinde birinji orna çykdy.

Pamplonada geçirilen duşuşykda hasap 38-nji minutda Ante Budimir tarapyndan penaltiden açyldy. Arakesmeden soň, 73-nji minutda Winisius Žunior hasaby deňledi. Şeýle-de bolsa, 90-njy minutda Ruben Garsiýa ýeňiş goluny geçirip, «Osasunanyň» üstünligini üpjün etdi.

22-nji fewralda geçirilen beýleki duşuşykda «Barselona» – «Lewante» garşy ynamly çykyş etdi. Hasap 4-nji minutda ýaş futbolçy Mark Bernal tarapyndan açyldy. 32-nji minutda Frenki de Ýong ikinji goly geçirdi. 81-nji minutda bolsa Fermin Lopes üçünji goly geçirip, duşuşygyň soňky netijesini kesgitledi.

Bu duşuşyk Frenki de Ýong üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Ol «Barselonanyň» düzüminde 290 resmi oýunda 20-nji goluny geçirdi. Şeýle-de onuň La Ligada 13 aý dowam eden golsuz tapgyryna soň goýuldy. Onuň goluna asisti Žoau Kanselu berdi. Bu goragçy üçin klubyna dolanyp gelenden soň ilkinji netijeli hereket boldy.

25-nji tapgyrdan soň «Barselona» 61 utuk bilen birinji orunda ýerleşýär. «Real Madrid» 60 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.