MLS. "Inter Maýami" möwsüme ýeňliş bilen başlady

ABŞ-nyň MLS çempionatynyň ilkinji tapgyrynda «Los-Anjeles» öz meýdançasynda — Los-Anjeles şäherindäki "BMO Stadium" stadionynda «Inter Maýami» klubyny kabul edip, 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Öý eýeleri duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap oýnuň gözegçiligini ele aldylar we artykmaçlygyny gollara öwürmegi başardylar. Hasap 38-nji minutda Martines tarapyndan açyldy. 73-nji minutda Buanga klubynyň ikinji goluny geçirdi. Duşuşygyň soňky minutlarynda, has takygy 90+4-nji minutda Ordas tapawutlanyp, ýeňşiň soňky nokadyny goýdy.

Şeýle-de duşuşykda Son Hen Min bir asist bilen tapawutlanyp, klubynyň üstünligine goşant goşdy.

Myhman klubyň düzüminde duşuşyga ilkinji minutlardan başlap Lionel Messi hem-de Rodrigo De Paul gatnaşdy. Iki futbolçy hem meýdançada doly 90 minut çykyş etse-de, hasaby üýtgedip bilmedi.

Ikinji tapgyrda «Los-Anjeles» myhmançylykda «Hýuston» bilen duşuşar. «Inter Maýami» bolsa myhmançylykda «Orlando Siti» kluby bilen güýç synanyşar.