RSL. Kriştianu Ronaldu 30 ýaşdan soň 500 goldan geçdi
21-den 22-nji fewral gijesinde Saud Arabystanyň Pro-ligasynyň 23-nji tapgyrynda «Al-Nasr» öz meýdançasynda «Al-Hazm» klubyny 4:0 hasabynda ýeňdi.
Duşuşykda hasaby 13-nji minutda Kriştianu Ronaldu açdy. 30-njy minutda Koman tapawutlandy. Ikinji ýarymda Gabriel 77-nji minutda üçünji goly geçirdi, 79-njy minutda bolsa Ronaldu özüniň ikinji goluny geçirip, duşuşygyň soňky netijesini kesgitledi.
Bu gollar bilen Kriştianu Ronaldu 30 ýaşdan soňky gollarynyň sanyny 500 we 501-e ýetirdi. Deňeşdirmek üçin, ol 30 ýaşa çenli 463 gol geçiripdi. Häzirki wagtda onuň umumy karýerasynda 964 gol bar bolup, olaryň köpüsi soňky ýyllarda gazanyldy.

Häzirki möwsümde hüjümçi ähli ýaryşlarda 22 duşuşykda 20 gol geçirdi. Saud ligasynda-da onuň hasabynda 20 gol bar we ol iň köp gol geçirenleriň sanawynda üçünji ýerde ýerleşýär. Sanawyň başynda 23 gol bilen «Al-Ahli» klubynyň hüjümçisi Aýwen Toni, ikinji ýerde bolsa 21 gol bilen «Al-Kadisiýa» klubyndan Hulian Kiniýones bar.
Bu ýeňişden soň «Al-Nasr» 55 utuk bilen ýaryş tertibinde birinji orna çykdy. Ikinji ýerde barýan «Al-Hilal» 53 utuk toplap, bir oýny artykmaç ýagdaýda galýar.
Duşuşykdan soň Kriştianu Ronaldu geljegi baradaky pikirlerini hem beýan etdi. Onuň sözlerini italiýaly žurnalist Fabrizio Romano şeýle getirýär: "Men Saud Arabystana degişli. Şu ýerde oýnamagy dowam etdirmek isleýärin. Bu ýurt meni, maşgalamy we dostlarymy gowy garşy aldy. Men bagtly we şu ýerde galmak niýetindedirin".
«Al-Nasr» indiki duşuşygyny 26-njy fewralda «Al-Najma» klubyna garşy geçirer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


