La Liga. "Real Madridiň" goragçysy Din Heýsen şikes aldy

Madridiň «Real Madrid» klubynyň goragçysy Dio Heýsende sag aýagynyň baldyr myşsasynyň şikesi anyklandy. Bu barada ispan kluby resmi taýdan habar berdi.

Maglumata görä, 20 ýaşly futbolçy 5–7 gün aralygynda meýdançadan daşda galar. Ol UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/16 final tapgyryndaky «Benfika» bilen geçiriljek jogap duşuşygyna çenli hatara dolanmagy maksat edinýär.

Häzirki möwsümde ýaş goragçy ähli ýaryşlary goşmak bilen 27 duşuşyga gatnaşyp, 1 gol we 2 asist bilen tapawutlandy.