OTÝ: Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär

09.10.2023ý.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-niň Dubaý şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Futbol boýunça milli ýygyndymyz türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Ýygyndy toparymyz olaryň ilkinjisinde, 10-njy oktýabrda “Dubai Sport Siti” stadionynda ýerli FC “Dubai United” topary bilen (bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00 başlanar), 15-nji oktýabrda bolsa BAE-niň futbol çempionatynyň geçen ýylky çempiony FC “Şabab Al-Ahli” topary bilen duşuşar. Dubaý şäheriniň “Raşid stadium” stadionynda geçirilýän bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:05-de başlanar.

Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin ýygyndy toparymyza futbolçylaryň 24-sini çagyrdylar. 8-nji oktýabrda başlanan okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 18-nji oktýabra çenli dowam eder.

Ýeri gelende bellesek, geçirilen bije çekişligiň netijesinde Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrçasynda “E” toparça düşen Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşar. Bu toparçanyň dördünji wekili birinji saýlama tapgyrynda güýç synanyşjak Gonkonk bilen Butanyň milli ýygyndylaryň arasyndaky ýeňiji bolar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer. 

 

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň sanawy:

Familiýasy, ady Çykyş edýän topary
Rasul Çaryýew (d) “Arkadag”
Batyr Babaýew (d) “Altyn Asyr”
Döwletýar Berdiýew (d) “Ahal”
Güýçmyrat Annagulyýew “Arkadag”
Yhlas Toýjanow “Arkadag”
Abdy Bäşimow “Arkadag”
Ybraýym Mämmedow “Arkadag”
Ilýa Tamurkin “Arkadag”
Arzuwguly Sapargulyýew “Arkadag”
Welmyrat Ballakow “Arkadag”
Arslanmyrat Amanow “Arkadag”
Altymyrat Annadurdyýew “Arkadag”
Şanazar Tirkişow “Arkadag”
Begmyrat Baýow “Arkadag”
Hakmuhammet Bäşimow “Ahal”
Döwran Hojamämmedow  “Ahal”
Ata Geldiýew “Ahal”
Elman Tagaýew  “Ahal”
Şöhrat Söýünow “Ahal”
Ýazgylyç Gurbanow “Ahal”
Myrat Annaýew “Altyn Asyr”
Selim Nurmyradow “Altyn Asyr”
Teýmur Çaryýew  “Abdyş-Ata” (Gyrgyz Respublikasy)
Ruslan Mingazow  “Kitçi” (Gonkong)
Tälimçiler düzümi
Mergen Orazow  baş tälimçi
Mekan Muhammetmyradow tälimçi
Pawel Matus  derwezeçileriň tälimçisi
Welsähet Öwezow  tälimçi
Ildar Täşliýew

oýunlary seljermek boýunça tälimçi

Batyr Rozyýew 

oýunlary seljermek boýunça tälimçi

 

Çeşme: TFF