Futbol sanlarda: Çempionlar ligasyndaky gyzykly sanlar we taryhy görkezijiler
Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň soňky duşuşyklary birnäçe gyzykly statistiki maglumatlar bilen ýatda galdy. Tapgyrda birnäçe klub we futbolçy taryhy görkezijileri täzeledi.
Madridiň «Atletiko» kluby Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek duşuşygyň dowamynda iki gol artykmaçlyk gazanandygyna garamazdan ýeňiş gazanyp bilmedi.
Fransiýanyň «PSŽ» klubynda çykyş edýän Hwiça Kwarasheliýa «Monako» bilen oýunda derwezä sekiz gezek urgusy bilen tapawutlandy, emma olaryň hiç biri derwezäniň çägine düşmedi. Şeýle pes takyklyk bilen köp urgy eden futbolçy hökmünde 2003/04 möwsüminden bäri diňe Terri Anri şeýle görkeziji görkezmek bilen tanalýar.
Italiýanyň «Inter» kluby bolsa Çempionlar ligasynyň taryhynda («Baýerden» soň) pleý-off tapgyrynda yzly-yzyna dört duşuşykda üç ýa-da ondan köp gol goýberen ikinji topar boldy.
Norwegiýanyň «Bude-Glimt» kluby aýratyn üstünlik gazandy. Olar öň hem «Mançester Sitini», «Atletikony» ýeňipdi we indi «Interi» hem ýeňmek bilen güýçli bäş ligalaryndan üç topary yzly-yzyna ýeňen dördünji klub boldy. Mundan öň şeýle üstünlik «Panatinaikos», «Benfika» we «Zenit» tarapyndan gazanylypdy.
Italiýanyň «Ýuwentus» kluby ilkinji gezek Çempionlar ligasynda bir duşuşykda bäş ýa-da ondan köp gol goýberdi. Turinliler soňky gezek 1958-nji ýylda Ýewrokubok duşuşygynda şeýle köp gol goýberipdi.
Angliýanyň «Nýukasl» klubynyň hüjümçisi Entoni Gordon hem taryha girdi. Ol ilkinji ýarymda poker (dört gol) eden Çempionlar ligasynyň taryhyndaky ikinji futbolçy boldy. Şeýle-de ol bir möwsümde 10-dan köp gol geçiren ikinji iňlis futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Mundan öň şeýle görkezijä diňe Harri Keýn ýetipdi.
«Monako» klubynda Aleksandr Golowiniň Folarin Baloguna beren asistiniň netijesinde rus we amerikaly futbolçylaryň hyzmatdaşlygynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynda gol geçirildi.
Gresiýanyň «PAOK» kluby üçin bolsa «Selta» garşy alnan ýeňliş bir ýyldan gowrak wagt bäri öý meýdançasyndaky ilkinji ýeňliş boldy. Olar soňky gezek 2025-nji ýylyň fewral aýynda – hem Ýewropa ligasynyň çäginde – öz meýdançasynda utulypdy.
Şeýlelikde, soňky tapgyr diňe netijeleri bilen däl, eýsem täze statistiki we taryhy görkezijileri bilen hem futbol janköýerleriniň ünsüni özüne çekdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


