Ýewropa we Konferensiýa ligalary – ilkinji pleý-off duşuşyklarynyň jemleri
19–20-nji fewral gijesinde UEFA-nyň Ýewropa ligasy hem-de Konferensiýa ligasynyň 1/16 final tapgyryndaky ilkinji pleý-off duşuşyklary geçirildi. Oýunlaryň aglabasynda myhman toparlar ýeňiş gazanyp, jogap duşuşyklarynyň öňüsyrasynda özlerine amatly ýagdaý döretdi.
Ýewropa ligasynda sekiz duşuşygyň altysynda myhman toparlar üstün çykdy.
Netijeler şeýle boldy:
«Brann» – «Bolonýa» 0:1
«Dinamo Zagreb» – «Genk» 1:3
«PAOK» – «Selta» 1:2
«Fenerbahçe» – «Nottingem Forest» 0:3
«Lill» – «Srwena Zwezda» 0:1
«Ludogorets» – «Ferentswaroş» 2:1
«Panatinaikos» – «Wiktoriýa Plzen» 2:2
«Seltik» – «Ştutgart» 1:4
Şeýlelikde, alty duşuşykda myhman toparlaryň ýeňiş gazanmagy tapgyryň esasy aýratynlygy boldy.

Şeýle hem, 19–20-njy fewralda Konferensiýa ligasynyň 1/16 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Köp jübütlerde jogap oýunlarynyň öňüsyrasynda intriga saklanyp galýar.
Iň ynamly ýeňiş «Fiorentina» tarapyndan gazanyldy. Italiýa kluby myhmançylykda «Ýagelloniýany» 3:0 hasabynda ýeňip, indiki tapgyra çykmak ugrunda uly ädim ätdi.
Beýleki netijeler:
«Zrinski» – «Kristal Pelas» 1:1
«KuPS» – «Leh» 0:2
«Noa» – «AZ Alkmaar» 1:0
«Sigma» – «Lozanna» 1:1
«Drita» – «Tsele» 2:3
«Omoniýa» – «Rieka» 0:1
«Şkendiýa» – «Samsunspor» 0:1
«Ýagelloniýa» – «Fiorentina» 0:3
Jogap duşuşyklary 26–27-nji fewralda geçiriler. Şeýle hem 27-nji fewralda UEFA-nyň ähli – Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bije çekilişi bolup, ýaryşlaryň indiki torlaýyn tertibi kesgitlener.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


