Kriştianu Ronaldu biznesdäki paýyny giňeldýär

«Al-Nasr» klubynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu futbol meýdançasyndan daşary hem işewürlik ugurlarynda işjeňligini dowam etdirýär. "Forbes" neşiriniň maglumatyna görä, 41 ýaşly portugaliýaly ýyldyz ýokary hilli iýmit we witamin önümlerini öndürýän "Herbalife" kompaniýasyna 7,5 million dollar maýa goýdy.

Bu ädim diňe mahabat hyzmatdaşlygy däl-de, eýsem biznes taslamasyna şärik hökmünde has çuňňur gatnaşýandygyny görkezýär. Ronaldu soňky ýyllarda dürli ugurlarda maýa goýumlaryny yzygiderli artdyrýar.

Geçen ýylda ol emeli aň ugrunda işleýän "Perplexity" startapynyň hem maýadary we ýüzi boldy. Şeýle-de futbolçy häzirki çykyş edýän «Al-Nasr» klubynda paýyň bir bölegine eýeçilik edýär we "Pestana CR7 Hotels" myhmanhanalar toruny dolandyrýar.

Portugaliýaly futbolçynyň Saud Arabystanyň kluby bilen baglaşan häzirki şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam edýär.