Denis Titow "Neftehimikde"

Türkmenistanyň ýaş futbolçysy Denis Titow, Russiýanyň «Neftehimik» klubyna transfer boldy. 19 ýaşly ýarymgoragçy toparyň gyşky transfer möwsümindäki üçünji täze oýunçysy hökmünde hasaba alyndy we täze klubynda 88-nji belgide çykyş eder.

«Neftehimik» häzirki wagtda Russiýanyň birinji ligasynda (premýer-ligadan aşaky) çykyş edip, 21 tapgyrdan soň 28 utuk bilen ýaryş tertibinde dokuzynjy orny eýeleýär.

Futbolçy 2025-nji ýylda «Rostow» klubynyň ýaşlar düzüminde 23 duşuşyga gatnaşyp, 8 gol we 7 asist bilen tapawutlandy. Ol Aşgabadyň Olimpiýa ätiýaçlyk mekdebiniň uçurymy bolup, «Rostow» bilen ilkinji şertnamasyny 2022-nji ýylyň ahyrynda, bary-ýogy 16 ýaşyndaka baglaşypdy. Şondan soň hüjümçi klubyň ýetginjekler hem-de ýaşlar toparlarynda çykyş etdi. 2024-nji ýylda bolsa «Rostowyň» höwesjeňler ligasynda ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

Titow Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynda hem çykyş edip, 3 duşuşykda 1 gol geçirdi.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titowyň jigisi bolup durýar. 28 ýaşly Mihail häzirki wagtda Gyrgyzystanyň «Uzgen» klubynda çykyş edýär we onuň bilen şertnamasyny 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltdy. Geçen möwsümde ol Gyrgyzystanyň premýer-ligasynda 24 oýunda 8 gol, 3 asist, Kubok ýaryşynda bolsa 1 duşuşykda 1 gol bilen tapawutlandy.