AFC CL2. "Arkadag" ýaryşy tamamlady – "Al-Nasr" çärýek finala çykdy

Türkmenistanyň çempiony «Arkadag», AFK-nyň Çempionlar ligasy–2 ýaryşynyň 1/8 final tapgyryndaky jogap duşuşygynda «Al-Nasr» bilen duşuşdy.

"Al-Awwal Park Stadium" stadionynda geçirilen oýunda saud kluby 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly Abdulrahman Garib geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen klubynyň düzüminde Arzuwguly Sapargulyýew, Ybraýym Mämmedow, Didar Durdyýew we Şamämmet Hydyrow tapawutlanmaga synanyşdy, emma hasaby üýtgetmek başartmady. Oýnuň goşmaça wagtynda Güýçmyrat Annagulyýew gyzyl kart aldy.

Iki duşuşygyň jemi boýunça garşydaş 2:0 hasap bilen ýeňiş gazanyp, indiki tapgyra çykdy. «Al-Nasr» çärýek finalda BAE-niň «Al-Wasl» kluby bilen duşuşar.

Şeýlelikde, «Arkadag» ýaryşdaky çykyşyny 1/8 final tapgyrynda tamamlaýar.