AFC CL2. "Arkadag" şu gün «Al-Nasr» bilen jogap duşuşygyny geçirer
Türkmenistanyň çempiony «Arkadag», AFK-nyň Çempionlar ligasy–2 ýaryşynyň 1/8 final tapgyryndaky jogap duşuşygynda şu gün «Al-Nasr» bilen duşuşar.
Duşuşyk "Al-Awwal Stadium" stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 23:15-de başlanar. Garşydaş hem ähli ýyldyz futbolçylary bilen oýna taýýarlyk türgenleşiklerini geçirdi.
Ilkinji duşuşyk Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolup geçipdi. Şol oýunda «Arkadag» öz meýdançasynda garşydaşyndan 0:1 hasabynda ýeňlipdi.
Türkmen kluby bu gezek myhmançylykdaky oýunda hasaby deňläp, indiki tapgyra çykmak ugrunda göreşer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


