La Liga. "Real Madridiň" penalti boýunça täze rekordy we Winisiusyň taryhy görkezijisi
Ispaniýanyň La Liga çempionatynyň 24-nji tapgyryndan soň «Real Madridiň» ady täze statistiki rekord bilen taryha girdi. Madrid kluby möwsümiň ilkinji 24 tapgyrynda iň köp penalti ýerine ýetiren topar boldy.

Şenbe güni "Santiago Bernabeu" stadionynda geçirilen «Real Madrid» – «Real Sosýedad» duşuşygynda emin meýdança eýeleriniň peýdasyna iki gezek penalti urgusyny belledi. Penaltiler duşuşygyň 25-nji we 48-nji minutlarynda berildi we olaryň ikisini-de Winisius Junior üstünlikli ýerine ýetirdi. Şeýlelikde «Real» häzirki möwsümdäki La Liganyň duşuşyklarynda eýýäm 13 penalti urdy, olaryň 11-si gol bilen tamamlandy. Bu görkeziji möwsümiň şu tapgyryna çenli La Liganyň taryhynda rekord hasaplanýar.
Duşuşygyň özi 4:1 hasabynda madridlileriň peýdasyna tamamlandy. Bu ýeňişden soň «Real Madrid» 60 utuk bilen ýaryş tablisasynyň birinji ornuna çykdy. Iň ýakyn yzarlap gelýän «Barselona» 58 utuk bilen ikinji ýerde barýar, emma katalon klubynyň bir duşuşygy artykmaç galýar.
Statistika boýunça maglumatlary ýygnap seljerýän "Opta" neşiriniň habaryna görä, «Real Madrid» häzirki wagtda diňe La Ligada däl, eýsem Ýewropanyň bäş iri çempionatynyň arasynda hem penalti sany boýunça birinji ýerde durýar. Ikinji orunda Germaniýanyň «Bawariýa» kluby ýerleşýär, olar Bundesligada 9 gezek penalti ýerine ýetirdi.
Şol bir wagtyň özünde, bu ýeňiş «Real Madridiň» taryhynda hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. 24 tapgyrdan soň 60 utuk toplamak madridliler üçin üçünji iň gowy görkeziji hasaplanýar. Mundan öň diňe iki gezek has ýokary netije gazanylypdy: 2023/24 möwsüminde Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygynda 61 utuk, 2011/12 möwsüminde bolsa Žoze Mourinýonyň döwründe 64 utuk.
Duşuşygyň gahrymany Winisius Junior bu oýunda diňe bir dubl bilen tapawutlanman, eýsem şahsy rekordy hem täzeledi. "Madrid Xtra" neşiriniň maglumatlaryna görä, braziliýaly hüjümçi La Ligada geçiren gollarynyň sany boýunça öz watandaşy Neýmary geçdi. Häzirki wagtda Winisiusyň Ispaniýanyň çempionatyndaky gollarynyň sany 69-a ýetdi, Neýmaryň bolsa bu görkezijisi 68 gol bilen çäklenýär. Neýmar La Ligada «Barselonanyň» düzüminde 2013–2017-nji ýyllarda çykyş edipdi, Winisius Junior bolsa 2018-nji ýylda «Flamengo» klubyndan «Real Madridiň» hataryna goşuldy.

Bu duşuşyk derwezebanyň statistikasy taýdan hem üns çekdi. «Real Madridiň» esasy derwezebany Tibo Kurtua «Real Sosýedada» garşy oýunda bellenen penaltini saklap bilmedi. Žurnalist Pedro Martiniň maglumatlaryna görä, Kurtua La Ligada «Real Madridiň» derwezebanlarynyň arasynda 11 metrlik urgulary saklamak boýunça iň pes görkezijä eýe. Statistikada azyndan 10 penalti ýerine ýetirilen derwezebanlar hasaba alyndy. Belgiýaly derwezeban La Ligada öz derwezesine urlan 30 penaltiniň diňe 4-sini saklap bildi. Häzirki möwsümde Kurtua 24 duşuşyk geçirip, 19 gol geçirtdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


