RSL. Ronaldudan golly gaýdyp geliş
Saud Arabystanyň çempionatynyň 14-nji fewraldaky duşuşygynda «Al-Nasr» myhmançylykda «Al-Fateh» bilen duşuşdy. Birnäçe wagtlyk arakesmeden soň meýdança dolanan portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu oýna başlangyç düzümde çykdy.
Duşuşygyň başynda Sadio Maneniň pasyndan soň Ronaldu hasaby açdy. Bu gol onuň baý futbolçylyk ýolundaky 962-nji goly boldy. Ikinji ýarymda Ýahýa, Kingsli Komanyň asistinden soň tapawudy artdyrdy. Netijede «Al-Nasr» 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Häzirki wagtda «Al-Nasr» 52 utuk bilen çempionatda ikinji ýerde barýar, öňdebaryjy «Al-Hilal» bolsa 53 utuk toplady.
Toparyň indiki duşuşygy 18-nji fewralda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby bilen bolar. AFK-nyň Çempionlar ligasy–2 ýaryşynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap duşuşygy Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde geçirilip, Aşgabat wagty bilen sagat 23:15-de başlanar.
Ilkinji duşuşyk Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda geçirilipdi. Şol oýunda «Arkadag» öz meýdançasynda garşydaşyndan 0:1 hasabynda ýeňilipdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


